Tegelek Stol: Suw bolçulygyndaky teşnelik

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Prezident G.Berdimuhamedow geljek ýyl üçin döwlet býujetiniň taslamasyny umuman goldaýandygyny, ýöne ýurduň etraplaryndaky ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmäge, ilkinji nobatda hem ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky maksatnamany durmuşa geçirmäge uly üns bermelidigini aýtdy. Eýsem Türkmenistanda agyz suwy meselesinde nähili kynçylyklar bar? Bu meseläni nähili ýagdaýda has çalt we netijeli çözüp bolar? Azatlyk Radiosynyň bu meselä bagyşlan “Tegelek stol” söhbetdeşligine ýerli synçylar Nurberdi Nurmämmet, ýazyjy Amanmyrat Bugaýew, žurnalist Soltan Açylowa gatnaşdy.