Täze Tolkun: "Sosial ulgamlar açyk bolmaly"

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Täze Tolkun gepleşigimiziň şu hepdeki sanynda ýakynda Aşgabadyň 55-nji orta mekdebinde irden geçirilýän lineýkada mekdep müdiriniň okuwçylara internetdäki sosial saýtlara girip, şol sahypalarda hasap açmazlyk hem-de öz surtlaryny goýmazlyk barada eden tabşyrygy hakda gürrüň etdik. Ýokary bilimini daşary ýurtlarda dowam etdirýän türkmen ýaşlary Aýjahan, Kerim we Humaý Türkmenistandaky bu täze tabşyryk barada öz pikirlerini biziň bilen paýlaşdylar. Türkmen ýaşlary bilen geçiren şol söhbetdeşligimizi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.