Tegelek stol: Arzaçylar: Halk bilen hökümetiň arasy

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanda metbugat we söz azatlygy bolmansoň, adamlar häkimiýetlere arzyny eşitdirmek üçin Azatlyk Radiosyna barha ýygy-ýygydan ýüz tutýarlar. Ýurt içinden gowuşýan habaralar görä, Türkmenistanda soňky ýyllar häkimiýetlere iberilen arz-şikaýatlar üstünden arz edilen ýolbaşçylara gelip gowuşýar we netijede arz eden adamyň “garadonly” edilýän, “arzaçy” diýlip ýekirilýän wagty  hem az bolmaýar. Bu ýagdaý jaýy ýykylyp, ýerine jaý alyp bilmeýän, ýa-da beýleki sosial adalatsyzlyklar zerarly kösenýän raýatlaryň barha köpelmegine, raýatlar bilen hökümetiň arasynyň has açylmagyna getirýär diýip, ýurt içindäki çeşmeler aýdýar. Ýerli synçylar şu meseläniň daşynda pikir alşyp, häkimiýetler bilen halkyň arasyndaky boşlugy giňeltmezlik üçin edilmeli işler barada öz garaýyşlaryny aýtdylar.