Tegelek stol: Bankda ýitirilen pullar

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Azatlyk Radiosyna interwýu beren daşoguzly pensioner ene prezident Berdimuhamedowyň pul çalşanda köýen pullaryň öwezini dolmak barada beren wadasyny ýerine ýetirmegine garaşýandygyny aýtdy. Azatlyk Radiosynyň döwletiň amanat kassalarynda köýen pullaryň soragy barada gurnan «Tegelek stol» söhbetdeşligine gatnaşan synçylar Türkmenistanyň hökümetiniň ol pullaryň öwezini dolmaga doly mümkinçiliginiň bardygyny aýdýarlar. Ikinji tarapdan, bankda köýen pullaryň öweziniň dolunmagy diňe öz toplan puluna mätäç adamlara maddy goldaw bolman, eýsem döwlet bilen halk köpçüliginiň arasyndaky ynamyň hem güýçlenmegine kömek eder diýip, synçylar aýdýarlar. Bu söhbeti diňläp, pikirleriňizi paýlaşsaňyz, hoşal bolarys.