Tegelek stol: Dymmagyň sebäpleri näme?

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanda ýer yransa, gyş gazaply gelip, maldarlar horlansa, ýyl gurak gelse ýa derýa joşsa, ýangyn bolsa, ýol hadysasynda adam ölse, adatça, metbugatda habar berilmeýär.  Şeýle-de Türkmenistanda daşary ýurtlardaky halk gozgalaňlary, prezidentleriň işden gyrakladylmagy ýaly wakalar barada maglumat berilmeýändigi aýdylýar. Eýsem munuň sebäbi ýa-da sebäpleri näme? Bu dymyşlyk ýurda, halka, hökümete peýdalymy ýa-da onuň zyýanlary hem bolup bilermi? Azatlyk radiosy bu soraglary ýerli synçylara berdi.