"Awazada şertler gowy, emma gymmat"
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Tomsuň gelmegi bilen aglaba adamlaryň, hususanda talyp ýaşlaryň dynç alyş möwsümi başlady. Mälim bolşy ýaly Türkmenistanda ýaşlaryň tomus aýlarynda dynç almagy üçin Awazada hem-de Gökdere jülgesinde binäçe ýöriteleşdirilen dynç alyş we sagaldyş merkezleri açyldy. Bu ýerlerde ýaşlaryň dynç almaklary üçin ähli amatly şertleriň döredilendigi aýdylýar.
Emma ýokary bilimini Türkiýede dowam etdirýän türkmenistanly Maksat “Awazada dynç almak üçin şertleriň gowudygyny, emma ol ýerde galmak üçin nyrhlaryň gymmatdygyny” belleýär.