"Ýurtda internet dükanlary meşhur däl"
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Internet – bütin dünýäde bolşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanda hem giňden peýdalanylyp başlanyldy. Türkmenistandan gelip gowuşýan maglumatlarda ýurtda internediň hiliniň belli bir derejede pesdigi aýdylsa-da, ýaşlaryň internet arkaly sosial ulgamlardan işjeň peýdalanýandygy, hatda dürli-dürli saýtlary, şol sanda internet arkaly söwda edilýän internet dükanlaryny hem döredýändikleri bellenilýär.
Internetdäki bu türkmen dükanlarynyň käbirlerinde azyk harytlary satylýan bolsa, käbirlerinde geýim-gejim, elektron enjamlar, kosmetika serişdeleri ýaly harytlar satylýar.