"Aşgabat ‘Talybany’ äsgermezçilik etmeli däl"

"Talyban" söweşijileri

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginde soňky wagtlarda owgan-türkmen serhedinde ýaýbaňlanýan "Talyban" hüjümleri, olaryň Owganystandaky etniki türkmenleriň durmuşyna ýetirýän täsirleri, “Talybanyň” owgan-türkmen serhediniň iki tarapynda alyp barýan propaganda işleri we türkmenleriň “Talybanlar” bilen bolan gatnaşyklary barada “21-nji asyrda Türkiýe strategiýa we barlaglar” institutynyň başlygy Prof. Ümit Özdag, Owganystan türkmenleriniň halk wekili Nazari Türkmen we Farýab welaýatynyň häkimi Muhammedulla Bataş bilen bilelikde ýönekeý halkyň wekilleri hem diňleýjileri bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosynyň "Dünýä türkmenleri' gepleşiginiň "Owgan Türkmenleri we Talyban howpy" temaly bu gepleşigini diňlemäge, öz pikirdir-garaýyşlaryňyzy hem paýlaşmaga çagyrýarys.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

“Aşgabat ‘Talybany’ äsgermezçilik etmeli däl”