ÝHHG türkmen serhetçilerine tälim berýär

Türkmenistanyň Owganystan bilen araçägindäki Ymamnazar geçiş nokadynda türkmen serhetçileri üçin serhet gözegçiligi kursy açyldy diýip, ITAR-TAS habar berýär.

Bu kurs ÝHHG-nyň býujetden daşary proektiniň bir bölegi bolup, Türkmenistanyň serhet gullugynyň işgärleriniň professional taýýarlygyny ýokarlandyrmagy maksat edinýär we Lýuksemburgyň hem-de ABŞ-nyň hökümetleri tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Habarda aýdylmagyna görä, 45 günlük tälim kursuna halkara ekspertleri çagyrylyp, olar türkmen serhetçilerine araçäge gözegçilik etmegiň täze usullaryny öwredýärler.