Dünýä Türkmenleri: Etniki türkmenleriň okuw aladalary

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Yrakda, Siriýada gidýän uruş-gowganyň arasynda galan, şonuň ýaly-da ýaşaýan ýerlerinden göçmeli bolan etniki türkmenleriň çagalary bu okuw ýylyna uly kynçylyklar bilen başladylar. Şol bir wagtda demirgazyk Owganystanda hem türkmen çaglarynyň okuw, mekdep aladalarynyň az däldigi aýdylýar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan etniki türkmenler, eger uruş-gowga sebäpli çagalaryň bilim-sowat almagyna kembaha garalsa, olara geljekde sowatsyzlyk howpunyň abanýandygyny duýdurýarlar.