BMG aktiwistiň öldürilmegini ýazgardy

Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça başlygy Zeid Raad Hüseýin (Zeid Ra'ad Al Hussein) “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri tarapyndan yrakly zenan aktiwistiň wagşylarça öldürilmegini, şeýle-de ekstremist toparlar tarapyndan ele salnan territoriýalarda ýüzlerçe zenanyň jynsy taýdan ekspluatasiýa edilmegini ýazgardy.

Hüseýni özüniň 25-nji sentýabrda ýaýradan beýanatynda adam hukuklaryny goraýan aktiwist Samira Salih Ali Al-Nuaminiň (Sameera Salih Ali Al-Nuaimy) şu hepde Yragyň Mosul şäheriniň merkezinde ýüzi maskaly adam tarapyndan köpçüligiň içinde öldürilendigini aýtdy.

Zenanlaryň hukuklaryny goldap çykyş etmekde tanalýan Al-Nuami özüniň Facebook sosial ulgamyndaky sahypasynda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerini tankyt edensoň, 17-nji sentýabrda tussag edilipdi.

Şeýle-de, Hüseýni öz beýanatynda iýul aýynda Yragyň Sderat sebitinde başga-da iki sany syýasy zenan aktiwistiň öldürilendigini belleýär. Zenan aktiwistleriň ýene biriniň iýul aýynda Mosuldaky öýünden alnyp gaçylandygyny we onuň heniz hem ýitirimdigini, Hüseýni öz beýanatynda nygtaýar.