Täze Tolkun: “Türkmeniň adyny tanatmak isleýärin”
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Soňky günlerde Owganystanda türkmen aýdymçysy Razak Hamediniň “Gel bäri bäri” atly aýdymy uly meşhurlyga eýe bolup başlady. Daşkentde ýazga düşürilen klibiň çykanyna 2 aý hem bolmanka, bu aýdym Owganystanyň telekanallarynda iň köp tomaşa edilýän klipleriň biri boldy.
Asly owganystanly etnik türkmenlerden bolan Hamedi häzirki wagt Moskwada ýaşaýar. Biz Täze Tolkun gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Razak Hamedi bilen söhbetdeş bolup, onuň sungat ýoly barada gürrüň etdik.