Täze Tolkun: “Şol köçeden ýene-de geçäýsedim”
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Her adamyň öz durmuşynda dürli ýatlamalary bolýar. Olardan birem köçe ýatlamalarydyr. Köçe ýatlamalarynyň dürli görnüşleri bolup bilýär.
Siziň durmuşyňyzda iň ýatdan çykmajak köçe haýsy we näme üçin? Şol köçe siziň durmuşyňyzda nähili yz galdyrdy?
Täze Tolkun ýaşlar gepleşigimizde bu soraglara häzirki wagt Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly Nesibe we ýokary bilimini Lebap welaýatyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda tamamlap, häzirki wagt Owganystanda ýaşaýan etnik türkmen deň-duşumyz Gudrat jogap berýär.