Aşgabat: Jaýlar hususylaşdyrylyp başlandy

Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlary hususylaşdyrmak prosesi başlandy. Paýtagtyň domouprawleniýe ýagny ýaşaýyş jaý edaralarynyň jaýlaryň hususylaşdyrylmagy üçin zerur resminamalary berip başlandygy barada habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň maglumatyna görä, häzirki wagtda azyndan 15 ýyl mundan öň gurulan jaýlarda azyndan 10 ýyl bäri ýazylan raýatlara hususylaşdyrmak üçin resminamalar berilýär.

Türkmenistanda Döwletiň jaý fondundaky ýaşaýyş jaýlary hususylaşdyrmak baradaky kanun 2013-nji ýylyň 22-nji iýunynda kabul edilipdi we 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje giripdi. Emma şäher we etrap häkimliklerinde Jaýlary hususyýetçilige geçirmek barada ýörite bölümler döredilen hem bolsa, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş jaýlaryny hususy eýeçiligine geçirmegine iş ýüzünde mümkinçilik berilmändi.