'Ebolalylar' 10 müňden aşdy

Bütindünýä Saglyk guramasy ebola bilen kesellänleriň sanynyň 10 müňden aşandygyny, bu keselden ölenleriň bolsa 4,922 bolandygyny aýdýar.

Dünýä Saglyk guramasy 25-nji oktýabrda çap eden hasabatynda 23-nji oktýabrda sekiz ýurtda bilinýän ebola keselli adamlaryň sanynyň 10,141 bolandygyny aýtdy.

Bu wirusyň iň ýaýran ýerleri Günbatar Afrika – Gwineýa, Liberia, Siýerra-Leone bolup durýar.

Bu üç ýurtdan daşarda 10 adam eboladan öldi. Soňky pida Malide ýogalan iki ýaşly gyz, onuň bilen kontaktda bolandyr öýdülýän 40 çemesi adam karantine salyndy.