Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz welaýatynda howpsuzlyk şertleriniň has ýaramazlaşandygy, Daştiarçi, Ymasaýyp we Çardere etraplarynda ýene-de birnäçe türkmen obasynyň “Talybanyň” goly astyna düşendigi habar berilýär. Hat-da, “Talyban” söweşijileriniň Gunduz şäherine hem wehim salýandygy aýdylýar.
Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady bu mesele dogrusynda garaýyşlaryny bilmek üçin Owganystanyň Milli mejlisiniň Gunduz welaýatyndan agzasy deputat Nazary Türkmen bilen söhbetdeş boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
"Ýerli ýaragly toparlara goldaw berilmeli"
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Owganystanyň milli mejlisiniň Gunduz welaýatyndan agzasy deputat Nazary Türkmen bilen geçiren söhbetdeşliginden soň, Gunduz welaýatynda “Talyban” söweşijilerine garşy göreşýän ýerli ýaragly toparyň komandiri Muhammet Nebi Güýçli bilen hem söhbetdeş boldy.
Türkmen komandiri bu welaýatdaky ýagdaýlar we “Talyban” söweşijilerine garşy alyp barýan söweşleri barada gürrüň berdi.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
“Talyban” türkmen obalaryny ele saldy