Otly kassalary göçürildi

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Aşgabatda 6-njy oktýabrdan başlap ýolagçy otlusyna 5 gün öňünden satylýan petekleriň kassalary Çoganlydaky täze gurulan awtomenziliň binasyna geçirildi. Bu barada Aşgabadyň demirýol wokzalynda ýörite bildirişler hem ýerleşdirilipdir. Awtomenziliň binasynda indi ýolagçy otlularynyň kassalary, uçarlara bilet kassalary hem-de şäherara awtobuslaryň kassalary ýerleşýär. Täze awtoterminalyň binasy şäherden uzakda bolany üçin, ýolagçylaryň köp wagtyny ýola sarp etmeli bolýandygy hem aýdylýar.