“YD”-niň germaniýaly agzalary köpeldi

Germaniýanyň içerki aňtaw agentliginiň ýolbaşçysy ýurduň 550 çemesi raýatynyň “Yslam döwletiniň” düzümine goşulmak üçin Siriýa we Yraga gidendigini habar berdi.

23-nji noýabrda "Welt am Sonntag" neşrinde çap bolan interwýusynda Hans-Georg Maassen “Yslam döwletiniň” düzüminde germaniýaly söweşijileriň sanynyň artandygyny belledi. Germaniýanyň resmileri ozal olaryň sanynyň 450 adamdygyny aýdypdy.

Maassen Germaniýanyň agzalan raýatlaryndan 60 çemesi adamyň söweşlerde öldürilendigini, azyndan 9 adamyň öz janyna kast edip, amala aşyran hüjümlerde ölendigini aýtdy.

Şeýle-de Maasen jyhadçylaryň 180 çemesiniň Siriýadan we Yrakdan söweşlerden gaýdyp gelendigini aýdyp, Germaniýa yslamçy ekstremist toparyna garşy göreşe gatnaşýandygy sebäpli, ýurt “elbetde” söweşijileriň nyşany bolup durýar diýip belledi.