Pakistan: Belli ruhany öldürildi

Khalid Mahmud Sumro

Pakistanda sünni musulmanlarynyň belli lideri, “Talybanlary” goldaýan dini partiýanyň agzasy atylyp öldürildi. Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, bu waka 29-njy noýabrda ýurduň Sindh welaýatynda bolupdyr.

Ýerli ýolbaşçy we Jamiat Ulema-i-Islam Fazl partiýasynyň ozalky kanunçykaryjysy Khalid Mahmud Sumro ertir namazyny okap duran mahaly näbelli hüjümçi tarapyndan atylyp öldürildi.

Partiýanyň wekilleri Sumro ölüm haýbatlarynyň atylandygyny, şeýle-de geçmişde alty gezek janyna kast etmek synanyşyklarynyň bolandygyny mälim etdiler.

Sumronyň öldürilmegi bilen Sindhiň günorta sebitlerinde adamlar protest üçin köçelere çykdylar.

Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.