Putin Hindistanda ylalaşyk baglaşdy

Orsýetiň prezidenti W.Putin (ç) we Hindistanyň premýer-ministri N.Modi (s)

Orsýet we Hindistan Orsýetiň Hindistanda ýadro elektrostansiýalaryny gurmaga ýardam bermegine we bu ýurda nebit satmagyna degişli ylalaşyklara gol goýdular.

Ylalaşyklar Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň we Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modiniň 11-nji dekabrda Nýu-Delide geçiren gepleşikleriniň netijesinde baglaşyldy.

Modiniň aýtmagyna görä, Orsýetiň Rosatom döwlet kompaniýasynyň we Hindistanyň Ýadro energiýa korporasiýasynyň arasynda gol çekilen dokumentler Hindistanda ýadro energiýasyny öndürýän 10-dan gowrak reaktoryň gurulmagyny göz öňünde tutýar.

Orsýetiň Rosneft we Hindistanyň ESSAR kompaniýalary Orsýetiň Hindistana indiki 10 ýylyň dowamynda 10 million tonna nebit satmagy boýunça ilkinji ylalaşyga gol çekdiler.