Dünýä Türkmenleri: Bitarap Türkmenistan we dünýä türkmenleri

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistan Bitaraplyk statusynyň 19-njy ýyldönümini belledi. Ýurduň resmi maglumatlarynda “Türkmenistanyň bitaraplygy – adamzadyň gymmatlygydyr” diýip bellenýär. Eýsem Türkmenistanyň bitarap döwlet bolmagyna daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenler nähili garaýarlar? “Dünýä türkmenleri” atly gepleşigimiziň şu günki sanyna Germaniýada ýaşaýan asly eýranly türkmen jemgyýetçilik işleri boýunça aktiwist Ýusup Gor we Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde ýaşaýan asly eýranly türkmen Facebook sosial ulgamynda Dünýä türkmenleri toparynyň ýolbaşçysy Aman Batyr gatnaşýar.