Siriýa: Synçylar aladalanma bildirýär

Siriýadaky urşa syn edýän düýbi Britaniýada ýerleşýän topar “Yslam döwleti” atly toparyň kontrollugyndaky obada ýaşaýan Şeitat taýpasynyň 1 900 çemesi agzasy toparyň söweşijileri tarapyndan asylyp öldürilmekden howatyrlanýar diýýär.

Bu taýpanyň agzalary öz obalarynyň, ýagny Deir al-Zour welaýatynda ýerleşýän Kaşkiýanyň kontrollugy “Yslam döwleti” atly toparyň gözegçiligine geçmezden öň, toparyň söweşijilerine garşy göreşipdiler.

Siriýanyň Adam hukuklary boýunça obserwatoriýasy gürrüňi gidýän taýpanyň 230-dan gowrak agzasynyň jesediniň obanyň golaýyndaky gonamçylykda tapylandygy barada mälim edenden bir gün soň, 18-nji dekabrda jemleme hasabatyny ýaýratdy.

Synçy toparyň başlygy Rami Abedel-Rahmanyň sözlerine görä, taýpanyň başga-da 1 müň çemesi agzasy ýitirim bolup, olaryň “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri tarapyndan öldürilendigi çaklanylýar.