BMG ölüm jezasyny duruzmaga çagyrýar

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun Pakistanyň häkimiýetlerini ölüm jezalaryny ýerine ýetirmegi togtadyp, ölüm jezasynyň gadaganlygyny dikeltmäge çagyrdy.

BMG-niň sözçüsi Stefan Duýariç 26-njy dekabrda Banyň Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarife telefon edip, Pakistanda ölüm jezasynyň durzulmagyna çagyrandygyny aýtdy.

Şarif 16-njy dekabrda «Talyban» Peşawardaky mekdebe hüjüm edip, 151 adamy öldürenden soň, ölüm jezasyny dikeldipdi.

Şondan soň terror aýyplamasy bilen sud edilen 6 adam jezalandyrylyp öldürildi. Şarif kanunçylyk normalarynyň hormatlanjagyny aýtdy, emma ölüm jezasynyň togtadyljagyny aýtmady.

Pakistanda gelýän hepdelerde terror aýyplamalary esasynda sud edilen 500 çemesi tussagyň jezasynyň ýerine ýetirilip başlanjagy aýdylýar.