Pakistan: Iki tussag dardan asyldy

Kaşmiriň Pakistan tarapyndan dolandyrylýan böleginde ölüm jezasyna höküm edilen iki tussag dardan asyldy. 13-nji fewralda amala aşyrylan bu çäräniň netijesinde, dekabr aýynda Pakistan ölüm jezasynyň moratoriýsini, ýagny ýerine ýetirilmesizligini aýyrany bäri dardan asylan tussaglaryň sany 24-e ýetdi.

Gürrüňi gidýän iki tussag 2004-nji ýylda welaýatyň ýokary derejeli resmisiniň ogluny öldürmekde günäli tapylandan soň dardan asyldy.

Dardan asylan tussaglaryň terrorizm bilen ilteşiginiň bardygy dogrusynda hiç hili maglumat berilmeýär.

2014-nji ýylyň 16-njy dekabrynda “Talyban” hereketi Peşawar şäherindäki mekdebe hüjüm edensoň, Pakistan terrorizm bilen ilteşikli jenaýatlara girizilen ölüm jezasynyň moratoriýsini, ýagny ýerine ýetirilmesizligini aýyrdy. Agzalan hüjümde 142 çaga we dokuz mugallym öldürilipdi.