Ukrain prezidenti Türkmenistana sapar eder

Ukrainynyň prezidenti Petro Poroşenko şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistana sapar eder.

Türkmen DIM-niň maglumatyna görä, bu barada 12-nji fewralda, Aşgabatda wise-premýer we daşary işler ministri Reşit Meredow bilen Ukrainanyň daşary işler ministriniň geňeşçisi Wiktor Maýkonyň arasynda bolan duşuşyk mahalynda maslahat edildi.