Badahşanda 18 «talyban» öldürildi

Polisiýa owgan howpsuzlyk güýçleriniň demirgazyk-gündogardaky Badahşan welaýatynda «talyban» jeňçileriniň 18-sini öldürendigini aýdýar.

Etrap polisiýasynyň başlygy Gul Muhammad Baýdar 10-njy aprel agşamy «gyzgyn söweşiň dowam edýändigini» aýtdy.

Baýdar bu söweşiň şol gün irden «Talybanyň» Dar-Kistak obasyndaky howpsuzlyk berkitmesine hüjüm etmegi bilen başlandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol howpsuzlyk güýçlerine uçarlar arkaly kömek berlendigini, emma iki esgeriň wepat bolup, ýedi esgeriň ýaradar bolandygyny gürrüň berdi.

Owganystanyň başga ýerlerinde bolan hüjümlerde bolsa azyndan 15 adam öldürildi.