Aýallaryň iň bagtly we bagtsyz ýurtlary

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Gallup”sosiologik barlaglar merkezi mart aýynda “aýallaryň iň bagtly we bagtsyz ýaşaýan ýurtlary” barada ýyllyk hasabatyny ýaýratdy. Bu hasabat dünýäniň dürli ýurtlarynda zenanlaryň ençemesi bilen geçirilen pikir soralyşyklar esasynda taýýarlanyldy.

Hasabatda Islandiýa, Şwesiýa, Daniýa ýaly ýokary girdejili ýurtlarda ýaşaýan zenanlar öz durmuşlaryny “gülala-güllük” diýip häsiýetlendirýärler. Owganystan, Ermenistan, hat-da Türkiýe ýaly ýurtlarda ýaşaýan zenanlar bolsa özleriniň “azap içinde” ýaşaýandygyny öňe sürýärler.

Aýallaryň iň bagtly we bagtsyz ýaşaýan ýurtlaryň ilkinji onlugy barada aşakdaky infografikde maglumat okap bilersiňiz.