Mawin: 10 harbynyň ykbaly nämälim

Owgan güýçleri.

Owgansytanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Marçak etrabyna “Talyban” söweşijileri tarapyndan hüjüm edilip, etrapdaky bir postuň söweşijileriň kontrollugyna geçendigi habar berilýär.

Owganystanyň Marçakdaky Serhet güýçleriniň komandiri Döwlet Mawiniň aýtmagyna görä, postuň söweşijileriň gözegçiligine geçmegi bilen owgan harbylarynyň 10 çemesiniň ykbaly barada henize çenli maglumat ýok.

Azatlyk Radiosy Marçak etrabyndaky soňky ýagdaýlar bilen gyzyklanyp, Owganystanyň Marçakdaky Serhet güýçleriniň komandiri Döwlet Mawin bilen söhbetdeş boldy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Mawin: 10 harbynyň ykbaly nämälim