Nepalda ýene ýer sarsdy

Nepalyň paýtagty Katmanduda ýüze çykan ýersarsmanyň netijeleri. 25-nji aprel, 2015 ý.

Ýekşenbe güni Nepalda ýene-de güýçli ýertitreme boldy. Mundan bir gün öň, ýagny 25-nji aprelde 7,8 bal derejesinde ýüze çykan ýersarsmada 1 müň 900 adam heläk bolupdy, 4 müň 700-e golaýy hem ýaralanypdy.

ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň berýän maglumatyna görä, 26-njy aprelde ýüze çykan ýertitremäniň güýji 6,7 bala deň bolup, onuň episentri paýtagt Katmandunyň demirgazygynda bolupdyr.

Ýer sarsyp başlanda ýaşaýjylar howsala düşüp, açyk meýdana çykjak bolup tagalla etdiler.