Çernobyl: 'Uly-7' gorag gurşawyna pul berer

Çernobylyň gurulýan täze gorag gurşawy

Dünýäniň öňde baryjy ýurtlary heläkçilige uçran Çernobyl ýadro elektrostansiýasynyň daşyndaky gorag gurşawynyň gurluşygynyň maliýe ýetmezçilige garamazdan, 2017-nji ýylyň noýabr aýynda tamamlanjagyny aýdýarlar.

Germaniýanyň tebigat ministri Jochen Flasbarth Uly-7 toparynyň maslahatynda reaktoryň daşyndaky gurşaw üçin zerur 650 million ýewrodan 530 million ýewro boýunça “takyk borçnamalaryň” öňe sürlendigini aýtdy.

Çernobyl ýadro elektrostansiýasynda 1986-njy ýylyň aprel aýynda bolan partlama dünýäniň iň betbagytçylykly ýadro hadysalarynyň biri bolupdy.

Onuň daşynda gorag gurşawy alty aýda gurulypdy, emma 30 ýyla niýetlenen ulanyjylyk möhleti indi dolup barýar.