Yrakda we Siriýada “Yslam döwleti” atly jeňçi toparyň söweşijileri tarapyndan alnyp gaçylan ýetginjek gyzlar gyrnak bazarynda “bir gap çilimiň bahasyna satyldy” diýip, 8-nji iýunda Birleşen Milletler Guramasynyň jynsy zorluk boýunça edarasynyň wekili habar berdi.
Zaýnab Bangura aprel aýynda Yraga we Siriýa sapar etdi. Şondan bäri ol gürrüňi edilýän söweşiji topar tarapyndan ýesir alnan we sany 3 müň bilen 5 müňüň aralygyndadyr diýlip çak edilýän gyzlaryň garşysyna edilýän elhenç jynsy zorluklary duruzmak üçin herekete geçmek planynyň üstünde işleýär.
“Yslam döwleti” atly toparyň gyzlary alyp gaçmak çäresi bu toparyň daşary ýurt söweşijileri işe çekmek ugrundaky strategiýasynyň esasy bölegine öwrüldi. Soňky 18 aýyň dowamynda bu topara goşulmak üçin daşary ýurtly söweşijileriň ençemesi Yraga we Siriýa bardylar.
“Bizde gyzlar bar...”
“Olar şeýdip ýaş erkekleriň ünsüni özlerine çekýärler. Olar “bizde siziň bilen nika baglaşmak üçin garaşyp oturan gyzlar bar” diýýärler. Daşary ýurtly söweşijiler häzirki uruş hereketleriniň esasy oňurgasyny emele getirýärler” diýip, Zaýnab Bangura “AFP” habar gullugyna beren maglumatynda belledi.
“Olar territoriýalary basyp alan mahaly, zenanlary alyp gaçýarlar. Şeýlelikde meniň muny täze üpjünçilik diýip atlandyrasym gelenok, ýöne olarda täze gyzlar bolýar” diýip, Bangura nygtaýar.
Onuň aýtmagyna görä, bu gyzlar “bir blok çilimiň bahasyna” ýa-da birnäçe ýüz amerikan dollaryndan bir müň amerikan dollaryna çenli bahadan satylýarlar.
Banguranyň Yrakdaky we Siriýadaky gyzlaryň alnyp gaçylyşy we satylyşy barada metbugat serişdelerine beren soňky interwýularynda mälim eden maglumatlary hopukdyryjy.
Çuw ýalaňaç edilen gyzlar...
“Yslam döwleti” atly topar obalara hüjüm edensoň, zenanlary erkeklerden aýyrýar we 14 ýaşyndaky hem-de ondan ýokary ýaşdaky oglanlary we erkekleri öldürýär.
Çuw ýalaňaç edilen gyzlar gyzlyk barlagyndan we göwüs ölçegi hem-de owadanlygy boýunça seljerişden geçirilýär. Iň ýaş we iň owadan diýlip hasaplanylýan gyzlar ýokary bahadan satylýar we “Yslam döwleti” atly toparyň galasy hasaplanylýan Rakka şäherine ugradylýar.
Söweşijileriň iýerarhiýasyna, ýagny olaryň wezipe taýdan eýeleýän derejesine laýyklykda, özlerine gerek gyzlary ilki şyhlar, soňra emirler, soňra-da söweşijiler saýlaýarlar.
Olaryň her biri üç ýa-da dört gyzy alýarlar we, gyzlardan ýadaýançalar, olary birnäçe aýlap saklaýarlar. Soňra şol gyzlar gaýtadan gyrnak bazaryna ugradylýar.
Gyrnak bazarynda ýa-da gyrnaklaryň auksionynda gyzlary satyn alýanlar zalym söwdalaşýarlar.
“Biz bir gyzyň 22 gezek satylandygyny eşitdik we söweşijileriň gözegçiliginden gaçyp çykan başga bir gyz bolsa özüniň şyh tarapyndan tutulandygyny gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, şyh şol gyzyň öz “emlägidigini” görkezmek üçin onuň eliniň arka tarapyna öz adyny ýazypdyr” diýip, Bangura gürrüň berýär.
Alnyp gaçylan gyzlaryň aglabasy ýezitilerden ybarat bolup, ejir çekýän bu sekta “Yslam döwleti” atly topar tarapyndan “şeýtana uýýan” dinden çykanlar diýlip hasaplanylýar.