Söweşijiler Farýabyň 8 obasyny basyp aldy

Demirgazyk Owganystanda howpsuzlyk şertleriniň has-da ýaramazlaşýandygy habar berilýär. Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Farýap welaýatynyň Puştun Kut etrabynyň 8 obasyny jeňçiler basyp alypdyr.

Farýap welaýatynyň Meýmene şäherinde jeňçiler bilen ýerli polisiýa güýçleriniň arasynda çaknyşyklar dowam edýär diýip, Owganystanyň Milli Mejlisiniň Ýokary palatasynyň agzasy senator Gülmuhammet Resuly aýdýar.

Demirgazyk Owganystandaky howpsuzlyk şertleri barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýymerdanguly Myradynyň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Farýabyň 8 obasyny söweşijiler basyp aldy