Wenada Eýran gepleşikleri barýar

Eýranyň ýadro programmasynyň halkara gepleşikçileri 30-njy iýundaky ahyrky möhletiň öňünde jemleýji faza girdiler, Tähran bilen dünýä döwletleriniň bellenen möhletde ylalaşyga gelmegine garaşylýar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri 28-nji iýunda Wenada Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif bilen duşuşýar.

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Federika Mogherini Awstriýanyň paýtagtyna gelip düşende, ylalaşyga gelmegiň kyn boljagyny, emma mümkindigini aýtdy.

Eýranyň, Britaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Orsýetiň we ABŞ-nyň gatnaşmagynda geçirilýän gepleşiklerden maksat Tähranyň ýadro programmasyny jylawlamak we sanksiýalary ýatyrmak.

Alty döwlet Tähranyň ýadro programmasynyň harby maksatlar üçin ulanylmazlygyny isleýär, Tähran bu hili niýetiniň bardygyny ret edýär.