Yrak: Türkmenlere hüjüm edildi

Demirgazyk Yrakdaky resmiler janyndan geçen bombaçylaryň 25-nji iýulda, köp adamly ýüzüş howzunda qzlerini partladyp, azyndan 12 adamy öldürendigini aýdýarlar.

Şeýle-de partlamalarda 45 adam ýaraly bolupdyr. Pidalaryň köpüsiniň etniki türkmen azlygynyň şaýy wekilleridigi aýdylýar.

Bu hadysa Bagdatdan 175 km demirgazykda, Tuz Hurmatu şäherinde bolupdyr.

Hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat üstüne alan bolmady. Emma «Yslam döwleti» topary golaýda Bagdatda we beýleki şäherlerde köpçülikleýin bomba hüjümine başladylar we iýulyň başynda Diýala welaýatynda 100-den gowrak adamy öldürdiler.

Tuz Hurmaty şäheriniň häkimi Aly Al-Hussaýni janyndan geçen bombaçynyň erkeklerden we çagalardan doly howzuň gyrasynda partlaýjyly guşagyny ýarandygyny aýtdy.

Ikinji bombaçy, adamlar ewakuasiýa edilýän wagty, ýüzüş howzunyň işiginde motosikletde goýlan bombany partladypdyr.