Pakistan mediasy Hakkani öldi diýýär

Pakistan metbugaty, ady aýdylmaýan «Talyban» çeşmesine salgylanyp, Jalaluddin Hakkaninň, «Hakkani» jeňçi toparyny esaslandyryjynyň tas bir ýyl ozal ýogalandygyny aýdýar.

Emma «Talybanyň» 1-nji awgustda çap eden resmi beýanatynda Hakkani guramasyny esaslandyryjynyň ýogalandagy baradaky habar ret edilýär.

«Geo TV» we dawn.com 31-nji iýulda Jalaluddin Hakkaniniň tebigy sebäpler esasynda ölendigini we Owganystanyň Host welaýatynda jaýlanandygyny aýtdy.

«Talyban» bilen iltewli yslamçy jeňçi topar owgan-pakistan serhediniň iki tarapynda hem hereket edýär.

Bu gurama Jalaluddin Hakkni tarapyndan 1980-nji ýyllarda, Owganystanda sowetlere garşy uruşmak üçin döredildi.

Bu guramanyň häzirki lideri Jalaluddiniň ogly Sarajuddin Hakkani we Birleşen Ştatlar onuň tutulmagy üçin 10 million dollar baýrak belledi.