Baku: Leýla Ýunusa 11 ýyl soralýar

Azerbaýjanyň döwlet prokurory Baku sudundan adam hukuklaryny goraýjy Leýla Ýunusa 11 ýyl türme tussaglygyny bermegi sorady.

Şeýle-de prokuror, 6-njy awgustda Bakuwdaky çynlakaý jenaýatlar sudunda eden beýanatynda, Leýla Ýunusyň adamsy Arif Ýunusa 9 ýyl türme tussaglygynyň berilmegini sorady.

Bu är-aýal dönüklikde, galplykda, kezzaplykda, salgytdan gaçmakda we bikanun biznes etmekde aýyplandy. Sud 10-njy awgusta çenli soňa goýuldy.

Bu jübüdiň sudy 27-nji iýulda başlandy. Leýla Ýunus 2014-nji ýylyň iýulyndan, adamsy bolsa geçen ýylyň awgustundan bäri türmede saklanýar.

Hukuk toparlary olaryň Azerbaýjanda prezident Ylham Alyýewiň başga pikirlileri basyp ýatyrmak çäreleriniň çäginde türmä basylandygyny aýdýarlar.