Orsýet peýnir gaçakçylaryny ele saldy

Orsýetde gaçakçylykly azyk önümeleri ýok edildi, Nowozybkow, 7-nji awgust, 2015.

Orsýetiň polisiýasy halkara gaçakçylyk ýollaryny ulanyp ýurda bahasy 2 milliard rubl (30 million amerikan dollary) möçberde daşary ýurtlarda öndürilen peýniri getirmek bilen baglylykda alty adamy tussag edendigini aýdýar.

Şeýle-de Sankt Petersburgyň polisiýasy peýnir öndürmek üçin niýetlenen serişdeleriň 470 tonnasyny hem ele salandygyny aýdýar.

Häkimiýetler Kremliň 2014-nji ýylda günbatar ýurtlarynyň peýnir we beýleki oba hojalyk önümlerine girizen gadagançylygyny berjaý edýärler. Orsýet bu gadagançylygyny ABŞ-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň Orsýetiň Ukrainadaky konfliktde oýnaýan roly bilen baglylykda girizen sanksiýalaryna jogap hökmünde amala aşyrdy.

Soňky hepdelerde Orsýetiň Rosselhoznadzor agentligi gaçakçylykly azyk önümleriniň birnäçe tonnasyny köpçülikleýin ýok etdi.