General Dostum Kabula dolandy

Owganystanyň wise-prezidenti we general Abdul Reşit Dostum Kabula dolandy.

Owganystanyň Türkmenistan bilen serhedinde ýerleşýän Farýab welaýatynda giň gerimli harby operasiýalary geçiren wise-prezident we general Abdul Reşit Dostum Kabula dolandy.

Dostum “Yslam döwleti” atly toparyň uly howp abandyrýandygyny aýdyp, bu toparyň esasy maksady Owganystana aralaşmak däl, olar biz bilen göreşip, Merkezi Aziýa döwletlerine geçmegi göz öňünde tutýarlar diýdi.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýymerdanguly Myradynyň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

General Dostum Kabula dolandy