Jeňçiler Gurziwan etrabyny basyp aldy

Owganystanyň Milli armiýasynyň agzalary.

Demirgazyk Owganystanda howpsuzlyk şertleriniň barha ýaramazlaşýandygy, jeňçiler tarapyndan amala aşyrylýan hüjümleriň geriminiň artýandygy habar berilýär.

Soňky maglumatlarda Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Farýab welaýatynyň Gurziwan etrabyny hem jeňçileriň basyp alandygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosy bu welaýatdaky howpsuzlyk şertleri bilen gyzyklanyp, Farýab welaýat geňeşiniň başlygy deputat Seýid Abdylbaky Haşymy bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew geçirdi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Jeňçiler Gurziwan etrabyny basyp aldy