Ysraýyl-Palestina: Kerry zorlugy bes etmäge çagyrdy

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry Ysraýylyň we Palestinanyň liderlerini häzir Ysraýylda we Günbatar Kenarda dowam edýän “manysyz” zorlugy bes etmek üçin gyssagly çäre görmäge çagyrdy.

19-njy oktýabrda Madridde žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Kerry Ysraýylyň we Palestinanyň liderleriniň al-Aksa metjidiniň töweregindäki giňişligiň statusyny kesgitlemek we durnuksyzlygy köşeşdirmek boýunça ädimleri şu hepdede boljak gepleşiklerde kesgitlemekleriniň zerurdygyny belledi.

Zorluklaryň tutaşmagyna ýewreýleriň mukaddes ýeri bolan Ybadathana dagynyň, şeýle-de musulmanlaryň Al-Aksa metjidiniň hem ýerleşýän ýeri bolan giňişligi eýelemekçi bolýandygy baradaky gürrüňler sebäp bolupdy.

Ysraýyl bu çaklamalary ret edip, bu ýeriň statusyny üýtgetmek boýunça planynyň ýokdugyny aýdýar we palestinleri öjükdiriji myş-myşlary ýaýratmakda aýyplaýar.

Tutaşan zorluklar zerarly sekiz sany ysraýylly we 40 palestinaly wepat boldy.
Kerrynyň şu hepdäniň aýagynda Netanýahu bilen Berlinde, dynç günlerde Abbas bilen Iordaniýada duşuşmagyna garaşylýar.