Kerry Netanýahu bilen duşuşýar

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry (ç), Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu (s), Berlin, 22-nji oktýabr, 2015

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu bilen duşuşmak üçin 22-nji oktýabrda Berline bardy. Gepleşiklerde Ýakyn Gündogarda güýçlenen zorlugyň soňuna çykmak boýunça ýardam bermek meselesi maslahat etdi.

Şeýle-de Kerry Palestinanyň prezidenti Mahmoud Abbas bilen 24-nji oktýabrda Iordaniýada duşuşyp, ysraýyllylaryň we palestinleriň arasyndaky soňky çaknyşyklara sebäp bolan meseläni ýagny Ierusalim şäheriniň ýewreýler we palestinler üçin mukaddes böleginiň statusyny kesgitlemek barada gepleşik geçirer.

Ysraýylyň polisiýasy 22-nji oktýabrda Ierusalimden günbatarda ýerleşýän Beit Şemeş şäherinde ysraýyllyny pyçaklan iki arap hüjümçisini atyp ýaralandygyny habar berdi.

Zorluklaryň dowamynda 10 ysraýylly we jemi 47 palestinaly hem ysraýylyň arap raýatlary öldürildi.