Baku: Saýlawlaryň deslapky netijeleri yglan edildi

Azerbaýjanyň parlament saýlawlary, Baku, 1-nji noýabr, 2015.

Azerbaýjanyň saýlaw resmileri häkimiýet başyndaky “Täze Azerbaýjan” partiýasynyň parlament saýlawlarynda ses köpçüligini toplap, üstünlik gazanandygyny aýtdy. Ýewropanyň saýlawlara gözegçilik edýän iň iri guramasy, şeýle-de Azerbaýjanyň ähli oppozision partiýalary tarapyndan boýkot edilen saýlawlaryň netijeleri Ilham Aliýewiň häkimiýetini pugtalandyrýar.

Merkezi Saýlaw komissiýasynyň başlygy Mazahir Panahowyň 2-nji noýabrda aýtmagyna görä, deslapky netijeler Aliýewiň partiýasynyň ýurduň 125 orunlyk parlamentinde 69 orun eýeländigini görkezipdir.

1-nji noýabrda geçirilen saýlawlarda ses berijileriň gatnaşyk derejesi 56% çemesi boldy.

Ýewropa Geňeşiniň Parlament Assambleýasynyň resmi topary “uly ýa-da köp sanly kanun bozmalar” barada habar bermändigini saýlaw güni aýtdy, emma “az sanly saýlaw nokatlarynda” “köp bolmadyk býulletenleriň goşulmagy” diýip atlandyran wakalaryň bolandygyny aýtdy.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Baku synçylaryň sanyny çäklendirmäge synanyşansoň öz gözegçilerini ibermekden ýüz öwürdi.

ABŞ-nyň döwlet departamentiniň metbugat-wekili ABŞ-nyň saýlawlar bilen baglylykda “Azerbaýjanda çäklendiriji syýasy ýagdaýa aladalanma bildirmegini” dowam etdirýändigini aýtdy.