Özbegistan “YD” söweşijisini höküm etdi

Özbegistanyň sudy ýaş özbegistanlyny Siriýada “Yslam döwleti” atly toparyň jeňçileriniň hatarynda söweşmekde aýyplap, 13 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

13-nji noýabrda Özbegistanyň Ýokary sudy 23 ýaşyndaky Muhammad Abdullaýewiň öz günäsini boýun alandygyny mälim etdi. Şeýle-de, maglumatda onuň 2013-nji ýylda Orsýetiň Astrahan sebitinde “Yslam döwleti” atly toparyň tarapdarlary tarapyndan hakyna tutulandygyny hem-de Azerbaýjanyň we Türkiýäniň üsti bilen Siriýa ugradylandygyny boýun alandygy bellenilýär.

Abdullaýew Özbegistana dolanyp, tussag edilmezden ozal Türkiýede bir ýyl ýaşaýar.

10-njy noýabrda Orsýetiň baş prokurory Ýuriý Çaýka Ýakyn Gündogardaky “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň hatarynda dünýäniň 10 ýurdundan, şol sanda Orsýetden we öňki sowet ýurtlaryndan baran raýatlaryň söweşýändigini aýtdy.