Dawutoglu adalaty wada berýär

Tahir Elçi

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu öňdebaryjy kürt aklawçysyny we hukuk aktiwistini öldürenleriň jogapkärçilige çekiljegini wada berdi.

Resmiler 28-nji noýabrda Diýarbekir şäherinde näbelli adamlaryň polisiýa ofiserlerine ýaragly hüjüm edendiklerini, Tahir Elçiniň we iki sany polisiýa ofiseriniň atyşykda ölendigini aýdýarlar.

Emma Dawutogly Elçiniň janyna kast edilendigi ýa-da onuň atyşygyň arasynda wepat bolandygy aýdyň däl diýdi.

Bu hadysa birnäçe şäherde protestleriň möwjäp galmagyna getirdi we Elçiniň öldürilen etrabynda komendant sagady girizildi. Stambulda polisiýa 2000 çemesi protestçini dargytmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulandy.

Elçi gadagan edilen PKK-ni, Kürdüstan Işçiler partiýasyny goldandygy üçin türme möhleti bilen ýüzbe-ýüz durdy. Ol göni efire berlen habar gepleşiginde olar terrorçy gurama däl diýipdi.