Owganystan: Saripul söweşijileriň täze merkezine öwrülýär

Owganystanyň Saripul welaýatyndaky owgan güýçleri. 2-nji dekabr, 2015 ý.

Demirgazyk Owganystanyň daglyk Saripul welaýatynyň jeňçileriň täze merkezine öwrülýändigini ýerli owgan resmileri aýdýarlar. Şol bir wagtda söweşijiler bu welaýatyň birnäçe welaýatyny hem basyp aldy.

Saripul welaýatynyň özüni Faýyzmuhammet diýip tanyşdyran ýaşaýjysynyň aýtmagyna görä, welaýatda merkezi aziýaly söweşijiler ýerleşip, olar ýerli ýaşlary öz tarapyna çekýärler.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçysy Şaýymerdanguly Myradynyň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Saripul söweşijileriň täze merkezine öwrülýär