Gazak sudy orsýetçi aktiwisti ýigrenç aýyplamalarynda aýylap, dört ýyl tussaglyga höküm etdi.
Günortadaky Kordaý oba sudy blogçy Ermek Taýçibekowy 11-nji dekabrda, feýsbukda etniki ýigrenji öjükdirýän materiallary ýerleşdirmekde hem-de Gazagystanyň Orsýete goşulmagyny goldamakda günäli tapanyndan soň, türme tussaglygyna höküm etdi.
37 ýaşyndaky Taýçibekowyň sudy 4-nji noýabrda başlandy. Ol özüniň bigünädigini aýtdy we aýyplamalary syýasy sebäpli diýip atlandyrdy.
Şu ýyl azyndan dört sany gazak raýaty separatizm we etniki ýigrenji öjükdirmek aýyplamalarynda aýyplanyp, türmä basyldy.