9 esger ýalňyşlykda öldürildi

Bagdat ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň söweş uçarlarynyň, ýalňyşlyk bilen, 9 sany yrak esgerini öldürendigini aýdýar.

Bu waka Falluja şäheriniň ýanynda bolupdyr.

Yragyň goranmak ministri Khaled al-Obeidi bu hadysanyň 18-nji dekabrda, koalisiýanyň howa güýçleri Fallujanyň ýanyndaky yrak goşunlarynyň ilerlemegine ýardam bermek üçin reýd geçiren mahalynda bolandygyny aýtdy.

Ol, ýaramaz howa zerarly, Yragyň öz dikuçarlarynyň uçup bilmändigini hem sözüne goşdy.