Britaniýa Helmanda esger iberýär

Britaniýanyň esgeri, Owganystan, oktýabr, 2015.

Britaniýa Owganystanyň Helmand welaýatynyň Sangin etrabynyň “Talybanyň” eline geçendigi baradaky maglumatlardan soň bu ýere öz harbylaryny iberdi.

Helmandyň häkiminiň 21-nji dekabrda aýtmagyna görä, owgan polisiýasy Sandinde häkimiň edara jaýynyň daşyny gaban “Talybanyň” söweşijilerine garşy söweşýärler. Şeýle-de ol şähere barýan ähli ýollaryň “Talybanyň” goly astyndadygyny belledi.

Britaniýa az sanly harbylaryny Helmandda maslahat beriji rolda ýerleşdirýändiginiaýtdy.

Londonyň “Times” gazeti Britaniýanyň elit ýörite howa güýçleriniň 30 esgerinden ybarat birliginiň, şeýle-de ABŞ-nyň ýörite güýçleriniň 60 çemesini harbysynyň owgan güýçlerine şäheri goramaga ýardam bermek üçin iberiljekdigini habar berdi.

Goranmak ministrliginiň metbugat-gullugy harbylaryň söweşlere gatnaşmajagynyReuters agentligine aýtdy.

Britaniýa Owganystanda öz söweş çärelerini geçen ýylda tamamlady, emma ýurtda owgan goşunyny türgenleşdirmek üçin ýurtda 450 çemesini esgerini saklaýar.