Siriýanyň daşary işler ministri Siriýanyň hökümetiniň şu aýyň aýagynda Ženewada geçiriljek parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmaga taýýardygyny, emma öňünden oňa gatnaşýan oppozisiýa toparlarynyň sanawyny görmelidigini aýdýar.
Döwlet eýeçiligindäki SANA habar gullugy Walid al-Moallemiň 9-njy ýanwarda Siriýanyň hökümeti «terrorçy» toparlaryň gepleşiklere gatnaşmaýandygyna göze ýetirmeli diýendigini habar berýär.
Muallem bu sözleri Damaskda BMG-niň wekili Staffan de Mistura bilen duşuşykda aýdypdyr.
Damaskdaky hökümet prezident Başar al-Assady agdarmak üçin göreşýänleriň ählisini terrorçy hasaplaýar.