Ukraina: H1N1 zerarly 50 adam öldi

Döňüz dümewi diýlip atlandyrylýan H1N1 wirusyna garşy derman

Ukrainada gyşyň dowamynda H1N1, ýagny doňuz dümewi zerarly 50-den köp adam wepat boldy. Ukrainanyň resmileri bu sanyň geçen ýylkysyndan 10% artandygyny aýdýarlar.

Ukrainanyň Saglyk ministri Aleksander Kwitaşwili adamlary panika düşmezlige çagyryp, “biz epidemik derejesiniň çäginden geçmedik we her ýyl ýanwar aýy dümew paslynyň merkezi bolýar” diýdi.

Şol bir wagtda-da keselçiligiň tutaşmagy örän çynlakaý mesele, sebäbi köp adam wagtynda medisina kömegini alyp bilmä ýogaldy, diýip Kwitaşwili 13-nji ýanwarda hökümet maslahatynda aýtdy.

Kanun çykaryjy Iirna Sysoýenkonyň Facebook sosial ulgamynda ýazmagyna görä, keselçiligiň ýaýramagy bilen bagly iň agyr ýagdaý Kiýewde, Harkiwde, Wynnytsada we Odesada ýüze çykypdyr.